Soňky habarlar

Arhiw

Koreýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Ruslan Mingazowyň topardaşy boldy

20:0002.02.2023
0
19424

«Laýon Siti Seýlorsyň» merkezi hüjümçisi Kim Sin Uk futbol ýoluny Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynda dowam eder. Bu barada onuň täze toparynyň resmi web saýty habar berýär.

Koreýaly futbolçy bilen 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşyldy. Ol täze toparynda 33 belgili köýnekçede çykyş eder.

34 ýaşly futbolçy Singapuryň çempionatynyň geçen möwsüminde 21 gezek tapawutlandy. Onuň geçen ýylda 4 duşuşykda het-trik edendigini aýratyn nygtamak gerek. Bu netije bilen ol IFFHS tarapyndan «Het-trikleriň şasy» sanawyna girizildi.

197 santimetr boýy bolan Kim Sin Uk Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysynda çykyş eden futbolçylaryň iň uzynydyr. Ol milli ýygyndyda 55 duşuşyk geçirip, şolarda 16 gezek tapawutlandy. Kim Sin Un 2019-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň düzüminde Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşyga hem gatnaşypdy. Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky bu duşuşyk koreýaly futbolçylaryň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Kitçide» türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň hem çykyş edýändigini ýatlatmak isleýäris. Türkmen futbolynyň iň görnükli ýyldyzlarynyň biri bolan Ruslan Mingazow «Kitçi» bilen ýanwar aýynda Gonkongyň Senýor Şild kubogy ugrundaky aýgytlaýjy duşuşyga gatnaşyp, ýeňiji bolupdy. 1895-nji ýylda esaslandyrylan bu ýaryş dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşlarynyň ilkinji 30-lygyna girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň