«Reuters»: hindi milliarderi Adani indi Aziýanyň iň baý adamy däl

17:1102.02.2023
0
33876
«Reuters»: hindi milliarderi Adani indi Aziýanyň iň baý adamy däl
Surat: forbes.ru

Hindistanly milliarder Gautam Adani indi Aziýanyň iň baý adamy däl, muňa düýn, çarşenbede onuň «Adani Group» maliýe toparynyň paýnamalarynyň arzanlamagy sebäp boldy. Ýagny «Adani» toparynyň maliýe hukuk bozmalary barada habarlar peýda bolan dessine hindi maýadary 74 milliard dollaryny ýitirdi diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Geçen hepdede «Hindenburg Research» maýa goýum-barlag kompaniýasy tarapyndan çap edilen makalada ady tutulan maliýe toparynyň işindäki hukuk bozmalar beýan edilen badyna «Adani Group» konglamerantine üns ýokarlandy. Awstraliýanyň sazlaýjy edarasy aýyplamany derňejekdigini habar berdi.

Makala çap edilen wagtynda, ýagny 27-nji ýanwarda Gautam Adaniniň maliýe emlägi 96,6 mlrd dollara deňdi diýip, «Forbes» žurnaly habar berdi.

«Çarşenbede paýnamalaryň ýitgisi Gautam Adaniniň «Forbes» žurnalynyň sanawynda 10-njy orna düşmegine getirdi. Ol indi «Reliance Industries Ltd» kompaniýasynyň eýesi, maliýe baýlygy 84,4 mlrd dollara deň bolan esasy garşydaşy Mukeş Ambanä ornuny berdi. Häzir Adaniniň emlägi 84,1 mlrd dollara deň» diýlip, makalada bellenýär.

Amerikanyň ady tutulan maýa goýum kompaniýasynyň hasabaty çap edilenden soňra «Adani Group» öz gezeginde ony gymmatbaha kagyzlar bilen galplykda aýyplap çykyş etdi hem-de seljerijileriň netijilerini puja çykarýan, 413 sahypadan ybarat bolan ýörite nutuk çap etdi.

Ýeri gelende aýtsak, ýanwaryň ortalarynda «Oxfam» britan haýyr-sahawat guramasy 2020-nji ýylda dünýäniň ýaşaýjylarynyň diňe 1 göteriminiň adamzadyň galan böleginden iki esse köp girdeji toplandygyny habar berdi. Şol adamlaryň hatarynda Gautam Adani hem görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň