Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bäsleşik guraýar

16:5602.02.2023
0
38750

Türkmenistanda Döwlet we pudaklaýyn Maksatnamalar esasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler ýokary okuw mekdeplerinde bäsleşik esasynda alnyp barylýar.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 17-nji fewralda Kompýuter grafikasy, 24-nji fewralda Himiýa okuw derslerinden ders bäsleşiklerini geçirýär. Oňa Aşgabatda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary göni, hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary onlaýn görnüşinde gatnaşyp bilerler. Bäsleşige her ders boýunça ýokary okuw mekdebinde tapawutlanan üç sany talyp gatnaşyp biler.

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (744025, B.Annanow köçesiniň 136-njy jaýy)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň