Soňky habarlar

Arhiw

«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly olimpiadanyň 1-nji tapgyryna badalga berildi

16:1402.02.2023
0
44953
«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly olimpiadanyň 1-nji tapgyryna badalga berildi
Surat: turkmenportal

Şu gün Aşgabatda we ähli welaýatlarda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly olimpiadanyň 1-nji tapgyryna badalga berildi.

Ilkinji tapgyra gatnaşan okuwçylar öz zehinlerini açyp görkezmek üçin Zehin soraglaryny (IQ test) çözdüler. Zehin soragynyň çözüliş usullary uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirilipdi. Şeýle-de olimpiadanyň başynda zehin soraglarynyň çözüliş usullary gaýtadan düşündirildi.

Ozal hem habar berişimiz ýaly, döwlet we halkara olimpiadalaryň ýeňijileriniň bäsleşige gatnaşmaga ilseg bildirmekleri oňa aýratyn öwüşgin berdi. Olimpiadany guramaçylykly geçirmek üçin okuwçylaryň sanynyň köp bolandygyna garamazdan, ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Okuwçylaryň her haýsysyna aýratynlykda kodlar berlip, bäsleşigiň adalatly geçirilmegi üpjün edildi. Hasaba duran okuwçylaryň sanyna laýyklykda, sowal kagyzlary bukjalara salnyp möhürlendi. Olimpiada tamamlanandan soňra, okuwçylaryň işleri bukjalara salnyp, mekdebiň möhüri bilen möhürlenip guramaçylyk toparyna ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň