«Oguz hanyň zehinli nesilleri» olimpiadasyna 30 müňe golaý okuwçy gatnaşmaga isleg bildirýär

10:2927.01.2023
0
39651

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýurduň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» ady bilen geçirilýän olimpiadasyna isleg diýseň ýokary boldy. Guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylýan hasabata görä tutuş ýurt boýunça bu olimpiadanyň I tapgyryna gatnaşmaga isleg bildirip, hasaba alnan mekdep okuwçylarynyň sany 30 müňe golaýlady. Bu bolsa mekdep ýaşlarynyň döwlet derejesinde geçirilýän olimpiada gyzyklanmasynyň garaşylandan has-da köp bolandygyny görkezýär.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem hasaba alnan okuwçylaryň arasynda iňlis dili, tebigy we takyk ugurly dersler boýunça döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylaryň sanynyň ýokary bolmagy, «Oguz hanyň zehinli nesilleri» olimpiadasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Hasaba alnan okuwçylaryň arasynda «Fiso 2022», «Stemco 2022», «WICE Malaysia» ýaly abraýly olimpiadalarda altyn, kümüş we bürünç medallaryň eýeleri bar.

Uniwersitetiň öz internet salgysynda olimpiada baradaky maglumatlar, onuň düzgünnamasy, zehin soragy we onuň çözüliş usullary ýerleşdirilendir. Şeýle häsiýetdäki olimpiada ýurduň taryhynda köpçülikleýin görnüşde ilkinji gezek geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň