Soňky habarlar

Arhiw

Ýolöteniň pagta arassalaýjy kärhanasy 2 müň 129 tonna tohumlyk gowaça çigidini taýýarlady

11:2502.02.2023
0
18088

Ýolöteniň pagta arassalaýjy kärhanasynyň işçileri geçen 2022-nji ýylyň gowaça hasylyndan umumy kabul edilen pagtanyň 7 müň 964 tonnasyny gaýtadan işläp, şondan 2 müň 129 tonna tohumlyk gowaça çigidini hem-de dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan arassa süýümiň 1 müň 945 tonnasyny taýýarladylar.

Häzir hem bu ýerde her gün şeýle önümiň 35 tonna golaýy taýýarlanylýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Ýokary hilli, ekologik taýdan arassa pagta süýümi ýurduň dokma toplumlaryna ugradylýar.

Ýyllyk kuwwaty 90 müň tonna gowaça hasylyny gaýtadan işlemäge niýetlenilen kärhananyň tehnika binýadynyň üstüniň täzeleri bilen yzygiderli ýetirilip durulmagy işleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýmaga giň mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň