Soňky habarlar

Arhiw

Mart aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçiriler

18:4901.02.2023
0
26930
Mart aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçiriler
Surat: www.russia.tmembassy.gov.tm

2023-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda Lýublýanada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-slowen toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Sloweniýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda mälim edildi.

Hökümetara toparyň mejlisiniň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Sloweniýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary hem guralar.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili Sloweniýanyň Daşary işler ministri Tanýa Faýon bilen gysga protokol duşuşygyny geçirdi. Şeýle hem ol Sloweniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa bölümleriniň hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Taraplar şu ýyl ikitaraplaýyn ýokary derejeli saparlary guramagyň mümkinçiligine seretdiler hem-de türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meýillerini mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň