Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça 2027-nji ýyldaky Aziýanyň kubogy Saud Arabystanynda geçiriler

18:4401.02.2023
0
20387

Soňky ýyllarda sportuň futbol görnüşine has köp ähmiýet berýän, şeýle hem 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny guramagy meýilleşdirýän Saud Arabystany 2027-nji ýylda futbol boýunça Aziýa kubogynyň ýaryşyny kabul eder.

Bu barada Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen Aziýa futbol konfederasiýasynyň kongresinde resmi taýdan yglan edildi.

Aziýa yklymynyň iri futbol ýaryşy 4 ýylda bir gezek geçirilýär. Ol 1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 2023-nji ýylda bu ýaryşy Katar döwleti kabul eder. Katar häzirki wagtda Aziýanyň kubogynyň soňky gazanan milli ýygyndysydyr. Saud Arabystany entek bu ýaryşy kabul edip görmändi.

2019-njy ýyldan bäri Aziýanyň kubogyna 24 milli ýygyndy gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndysy yklym ýaryşynyň final bölegine 2004-nji we 2019-njy ýyllarda gatnaşyp gördi.

Soňky döwürde Saud Arabystanyda futbol çalt depginde ösdürilýär. Ýerli toparlar maliýe mümkinçiliklerinden peýdalanyp, güýçli futbolçylary düzümine goşup, dünýä metbugatynda giň orun alýarlar. Şolaryň biri hem «Al-Nasr» toparydyr. Bu topar Kriştianu Ronalduny satyn alyp, uly gyzyklanma döredipdi.

Häzirki wagtda saud toparlary Ýewropanyň başga toparlaryndan futbol ýyldyzlaryny satyn almak bilen gyzyklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň