Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda domenler üçin onlaýn töleg hyzmaty açyldy

14:5731.01.2023
0
59585

Domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň tölegini «Türkmendomen» hojalyk jemgyýetiniň resmi portalyndan «Halkbank» PTB, «Senagat» PTB, «Rysgal» PTB, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň kartlary arkaly tölemek mümkinçiligi işe girizildi. Bu barada hojalyk jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berildi.

Tölegi geçirmek örän ýeňil bolup, munuň üçin birnäçe ýönekeý amallar ýerine ýetirilýär:

  • Internet tory arkaly tmdomain.com.tm web-saýtyna girmeli;
  • «Töleg» bölümindäki «Töleg (domen)» bölümçesine geçmeli;
  • Ady, familiýasy, telefon belgisi, e-mail, domen ady barada maglumatlary hem-de şertnamada görkezilen belgisini we nyrhnama laýyklykda zerur pul möçberini girizmeli.

Soňra bolsa sanawda görkezilen bank kartlaryndan töleg geçirjek kartyňyzyň görnüşini saýlamaly. Bank karty saýlanandan soň hyzmat awtomatik usulda töleg sahypasyny açýar.Şol ýerde bolsa kartyň maglumatlaryny girizip, töleg geçirilýär. Töleg «Türkmendomen» HJ-niň hasaplaşyk hasabyna geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň