Soňky habarlar

Arhiw

Mişustin we Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowy gutladylar

22:3130.01.2023
0
18821

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustinden we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkodan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy. Olar öz ýollan hatlarynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň we Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz atlaryndan Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarlar we berk jan saglyk, dostlukly türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde gujur-gaýrat, uly üstünlikleri arzuw edýärler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

— Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär, ugurlaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki taslamalary ilerletmek üçin amatly şertler döredilýär.

Ýakynda Aşgabatda Siziň bilen geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Rus wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygymy beýan edýärin. Gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň Russiýanyň we Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine pugta ynanýaryn — diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hatynda belleýär.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bolsa iberen gutlag hatynda:

— Türkmenistanyň taryhynda, onuň garaşsyz hem-de ösen döwlete öwrülmeginde Size aýratyn möhüm orun degişlidir. Siz baý tejribe toplan parasatly syýasatçy, öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde halkyňyzyň tüýs ýürekden belent sarpa goýmagyna we ykraryna eýe bolduňyz. Siz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary durmuşa geçirmegi üstünlikli dowam etdirýärsiňiz, ösüşiň, durnuklylygy saklamagyň, demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmagyň, jemgyýetiň jebisliginiň bähbidine ýadawsyz zähmet çekýärsiňiz. Ýurduňyzyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň güýje girmegi Türkmenistanyň geljekki ösüş ýoluny kesgitländigine, Siziň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyna — Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýolbaşçylyk etmegiňiziň bolsa giň halk köpçüliginiň ýurt üçin örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn.

Biziň aramyzdaky hoşniýetli şahsy gatnaşyklarymyza guwanýaryn, bu gatnaşyklar hemişe açyklygy, ýürekdeşligi bilen tapawutlanýar — diýip ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň