Turkmenportal logo
31.01.23
2142021420
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Ahtam Nazarow «Andijan» bilen şertnama baglaşdy
Täjigistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Ahtam Nazarow «Andijan» bilen şertnama baglaşdy

Täjigistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany, Duşenbäniň «Istiklolynyň» ozalky goragçysy Ahtam Nazarow futbol ýoluny Özbegistanyň «Andijan» toparynda dowam etdirer.


«Istiklolyň» resmi saýtynyň habar berşi ýaly, Nazarow «Andijanyň» Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna goşuldy. Ol topar bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy.


30 ýaşly Nazarow «Istiklola» 2013-nji ýylda goşulypdy. 2019 ― 2020-nji ýyllarda Bangladeşiň «Başundara Kings» toparynda futbol oýnap gelen goragçy gelip, ýene «Istiklola» goşuldy.


Nazarow milli ýygynda ilkinji gezek 2012-nji ýylda çagyryldy. Häzire çenli ol täjik ýygyndysynda geçiren 70 duşuşygynda 5 gezek tapawutlandy. Nazarow milli ýygyndynyň häzirki kapitanydyr.