Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Çehiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:0131.01.2023
0
31964

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zemana hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

— Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany çehiýaly kärdeşine ýollan hatynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Miloş Zemana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň