Turkmenportal logo
30.01.23
2810228102
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2 million 883 müň dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2 million 883 müň dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 3-si hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.


Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jins matalaryny hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy.


Şeýle hem manat serişdelerine hindistanly işewürler bahasy 1 million 684 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.