Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi

11:0730.01.2023
0
33658
Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Surat: duma.gov.ru

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Prezidentine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda Russiýa bilen Türkmenistanyň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Dumasynyň başlygy, iki döwletiň ýolbaşçylygy derejesinde kabul edilen kararlary kanun taýdan goldamak üçin parlament ölçegini ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu sapar Döwlet Dumasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet Dumasynyň wekiliýetiniň soňky 11 ýylda Türkmenistana eden ilkinji saparydyr.

Ozal habar berişimiz ýaly, Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky Döwlet Dumasynynyň wekiliýeti düýn Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Wekiliýet Döwlet Dumanyň degişli komitetleriniň wekillerini öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň