Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet muzeýinde milli mirasy wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi

16:0129.01.2023
0
38296

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda milli mirasy, medeni gymmatlyklary wagyz edýän «Asyrlaryň jümmüşindäki yzlar» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlik milli mirasy, medeni gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri öwrenmäge, geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga, olar baradaky ylmy maglumatlary ýaşlara wagyz etmäge gönükdirildi.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we Milli golýazmalar institutynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň