Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşarlar

14:2529.01.2023
0
28307

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 4 ― 5-nji fewraly aralygynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek «Uly tuwulga» ýaryşyna gatanaşar. Tapgyryň bu ýaryşyna 85 döwletden 552 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistan ýaryşa 10 dzýudoçy bilen wekilçilik eder. Bu barada IJF-niň resmi saýty habar berýär.

Has takygy, Aýbek Ömirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 k.ç.a.d.), Parahat Nazarow (73 k.ç.a.d.) we Şatlyk Seýitmyradow (87 k.ç.a.d.) dagylar erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik eder.

Ýurduň zenanlar ýygyndysynyň hatarynda bolsa Aksoltan Hojageldiýewa bilen Kurbanaý Kurbanowa 48, Maýsa Pardaýewa 57, Zülhumar Daşkinowa bolsa 63 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň