Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow Maryda Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi

21:5226.01.2023
0
28993
Serdar Berdimuhamedow Maryda Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibi boýunça döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Şunda Mejlisiň iş toparlarynda ýakynda kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekdi we bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini hem-de halkara kadalara laýyk gelmelidigini belledi.

Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary berdiler. Şeýle-de Mary welaýatynyň häkimi hem sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Degişli hasabatlarda halkara standartlara laýyklykda milli standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmek hem-de ugurdaş düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler; «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler; ýurtda maldarçylygy ösdürmek hem-de mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça edilýän tagallalar; himiýa pudagyny ösdürmek babatda görülýän çäreler; Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki Söwda öýlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler; fewral aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň maksatnamasy; şu ýylyň şygary mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy; ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler; şeýle-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň