Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlandy

16:5826.01.2023
0
50513

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Ge­ňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri dalaşgärleri hödürlemek işleridir.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanýar we otuz gün galanda tamamlanýar.

Şeýlelikde dalaşgärleri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwary — 24-nji fewraly aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň