Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi maslahat geçirdi

11:2526.01.2023
0
42870

Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň we onuň etrapdaky bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi.

Oňa etrabyň daýhan birleşikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda ýüze çykmagy ähtimal adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň öňüni alyş çäreleri, ýüze çykan ýagdaýynda edilmeli işler barada giňişleýin durup geçdiler. Aýratyn hem, ýangynlaryň, şol sanda tebigy ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak üçin geçirilmeli çärelere, ýer titremesi, suw joşmasy ýaly tebigy hadysalar ýüz çykanda, ýangyn dörände edilmeli işler barada gürrüň etdiler. Bu barada «Jeyhun.news» ýazýar.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri, olary ilatyň arasynda wagyz etmek we ornaşdyrmak barada hem ýörite çykyşlar diňlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň