Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde maslahat geçirildi

18:0325.01.2023
0
53361

Şu gün, 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler jaýynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ozal habar berişimiz ýaly, Türkmenistanyň raýatlarynyň islegleri, haýyşlary nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi. Şeýle hem kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi. Maslahatda çykyş edenler şular barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň taslama işleriniň sergisine aýlanyp gördüler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň