Türkmenistanda Buddanyň heýkeli öwrenilip başlandy

13:3725.01.2023
0
20309

Türkmen we amerikan hünärmenleri Buddanyň heýkelden ýasalan kellesiniň böleklerini öwrenip başladylar. Ol geçen ýylyň altmyşynjy ýyllarynda gadymy Merwiň çägindäki Gäwür gala gadymy şäher harabaçylygynda arhelologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilip ýören wagty tapylypdy.

Dikletmek işlerini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Los Anjelesiň Pol Getti muzeýiniň (ABŞ-niň Kaliforniýa ştaty) hünärmenleri bilelikde alyp barýarlar. Işler ABŞ-niň «Medeni gymmatlyklary saklamak boýunça ilçiniň gory» maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar.

Tapyndy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýar. Häzriki wagtda iki ýurduň hünärmenleri Buddanyň heýkelden ýasalan kellesini dikeltmek we konserwirlemek bilen meşgullanýarlar. Ol bişirimedik toýundan oňarylan. Muzeý işgärleri 3D-çap etmek usuly bilen heýkeliň ýitirilen bölegini täzeden döretmekçi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň