Turkmenportal logo
25.01.23
2189121891
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mudrik APL-da rekord bilen debýut etdi
Surat: fanday.net

Angliýanyň «Çelsi» toparynyň täze oýunçysy Mihail Mudrik özüniň APL-daky debýutynda özboluşly rekord goýdy. Has takygy ol, «Liwerpul» bilen myhmançylykda geçirilen oýunda 36,63 km/s tizlik bilen ylgap, ýyndamlyk boýunça APL-yň şu möwsümindäki iň ýokary netijäni görkezdi. Mudrikiň ikinji ýarymda ätiýaçdan meýdança çykan şol oýny 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy.


APL-yň şu möwsümindäki iň ýyndam bäş oýunçy:


  1. Mudrik («Çelsi») — 36,63 km/s;
  2. Entoni Gordon («Ewerton») — 36,61 km/s;
  3. Darwin Nunýes («Liwerpul») — 36,53 km/s;
  4. Erling Holand («Mançester Siti») — 36,22 km/s;
  5. Denis Zakariýa («Çelsi») — 36,09 km/s.

Ýeri gelende bellesek, «Çelsi» Mihail Mudriki gyşky transfer möwsüminde düzümine goşdy. «Aristokratlar» Mudrikiň transferi üçin onuň ozalky topary «Şahtýora» goşmaça tölegler bilen bilelikde 100 million ýewro tölemäge razy boldular.