Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi guralar

00:2725.01.2023
0
32920

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi bolar.

«Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine gatnaşmaga çagyrýarys» diýip, birleşmäniň resmi saýtyndaky habarda bellenilýär.

Habarda serginiň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarysynyň Sergi zalynda geçiriljekdigi barada aýdylýar.

Sergä gatnaşmaga isleg bildirýän senagatçylar we telekeçiler öz maglumatlaryny 3-nji marta çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 21-23-67; 21-23-68; 21-23-64; 21-24-13.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň