Mebel önümlerini öndürijiler TSTB-niň gazananlarynyň sergisine gatnaşýarlar

09:3414.04.2022
0
8220

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä ýerli mebel öndürijiler hem gatnaşyp, özleriniň bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen çykyş edýärler.

Türkmenistanda mebel öndürýän hususy kärhanalaryň arasynda iň bir meşhurlarynyň biri bolan «Çigildem» hususy kärhanasydyr. Bu kärhana 2013-nji ýylda esaslandyryldy. Şol ýyldan bäri hem, Aşgabatda we daşary ýurtlarda geçirilen sergilere birnäçe gezek gatnaşyp üstünlik gazanmagy başardy. Şu günki güne çenli «Çigildem» hususy kärhanasynda öndürilýän mebelleriň hatarynda stullar, diwanlar, ýatylýan we myhman otaglary üçin dürli görnüşdäki mebel önümleri öndürilýär. Mundan başga-da, bu ýerde matraslar, ýorgan düşekler, ýassyklar, ýumşak mebeller, demir-agaç gapylar ýaly birnäçe önümler öndürilip alyjylara hödürlenýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazanan üstünliklerinden söz açýan nobatdaky sergide «Belent akaba» hojalyk jemgyýeti hem öz önümleri bilen çykyş edýär. Bu ýerde hem mebel önümleriniň birnäçe görnüşi öndürilýär. Aýratyn hem Türkmenistanyň bilim edaralary üçin stollar öndürilýär.

«Abraýly mebel» hususy kärhanasy hem TSTB-niň gazanan üstünliklerine bagyşlanyp geçirilýän sergä öz öndürýän mebel önümleriniň birnäçe görnüşi bilen gatnaşýar. Bu ýerde öndürilýän önümler indi birnäçe ýyl bäri halk köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär. Bu bolsa hususy kärhananyň alyp barýan işiniň has-da ilerleýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň