Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäher kazyýetini we prokuraturasyny döretmek hakyndaky resminamalara gol çekdi

21:5423.01.2023
0
29372

Şu gün — 23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmek hakyndaky» Permana hem-de

Arkadag şäheriniň prokuraturasyny döretmek bilen bagly Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynda:

1. Türkmenistanyň kazyýetleriniň umumy işgär sanynyň hem-de kazylarynyň umumy sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmelidigi;
2. Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetinde:

  • 1 kazyýetiň başlygynyň, 1 kazynyň, 1 administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň;
  • 60 kazyýet oturdaşynyň bolmalydygy;

3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmelidigi bellenilýär.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Karary bilen, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher prokuraturasy döredildi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň