Arhiw

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

22:0323.01.2023
1
37379
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de ýurduň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, welaýatlarda bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak dowam edýär, şeýle hem pagtaçy daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Häkimler hasabatlarynyň çäginde ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň abatlanylýandygy, ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdylar.

Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň meýilnamalaýyn alnyp barlyşy barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň depginini artdyrmak, olaryň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagy babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle-de häkimlere welaýatlarda medeni-durmuş maksatly desgalardyr binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigi babatda anyk tabşyryklar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, olary gözegçilikde saklamak bilen baglylykda hem häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine bu sebitleriň çäginden akyp geçýän derýalardaky suwuň kadaly akymyny almak boýunça geçirilýän işleri, görülýän degişli çäreleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow hem şu günler ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleriniň utgaşykly alnyp barylýandygy, ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, şu ýyl ýurduň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary hem-de ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowy halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň