Geçen hepde türkmen biržasyndaky geleşiklerň bahasy 49 million amerikan dollaryndan geçdi

18:3423.01.2023
0
36747

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky geleşikleriň umumy bahasy 49 million 582 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, geçen hepde geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Owganystanly telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine tüýjümek önümler ýerlenildi.

Manat serişdelerine Türkmenistanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, bahasy 103 million 620 müň manatdan gowrak bolan nebit kokusyny satyn aldylar.

Bir hepde mundan ozal, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky geleşikleriň bahasy 14 million 754 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň