Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

16:4722.01.2023
0
44126

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, žurnalyň bu sanyndaky makalalar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlandy.

Žurnal Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda — 9-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar.

Žurnalda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalaryna aýratyn orun berilýär.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň «Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky durnukly ösüş we adam hukuklary babatda strategik hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly makalasy hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker.

— Türkmenistanyň we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, adam hukuklaryny höweslendirmekde we goramakda hem-de döwletiň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny amala aşyrmakda durnukly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ugur edinýändigini bellemek gerek — diýip, Dmitriý Şlapaçenko makalasynda ýazýar.

Bu makalada 2020-nji ýylda badalga berlen «Ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş goragy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamanyň çäklerinde gazanylan netijelere aýratyn üns çekilýär. Şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz makalasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmak üçin türkmen döwleti bilen netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtaýar.

«Türkmenistanyň Bitaraplygy: ýaşlar syýasaty we bilim ulgamynyň ösüşi» atly makalada «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi barada aýdylýar. «Medeniýet çygryndaky kanunçylygyň kämilleşdirilişi» atly makalada BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada bellenilýär. Şeýle-de makalada medeniýet ulgamynyň sazlaşykly hukuk binýadyny kemala getirmekde, hususan-da, taryhy-medeni mirasy goramakda döwlet maksatnamalarynyň we ugurdaş kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtalýar.

«Jenaýat, kazyýet önümçiliginde adam hukuklarynyň goraglylygy» hem-de «Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy we adam hukuklarynyň goragy» atly hukuk meselelerine bagyşlanan makalalar hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder.

Žurnalyň degişli sahypalarynda 2023-nji ýylda «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň geçirilýändigi baradaky bildiriş berilýär, şeýle hem bäsleşigiň geçen ýyl üçin jemleri jemlenýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerindäki neşir däp bolan «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Bu bölümde abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçen duşuşyklara, maslahatlara we beýleki çärelere syn berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň