Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar

10:4421.01.2023
0
65879

1. Russiýa Türkmenistan bilen gümrük gözegçiligini we wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyndyr. Bu barada RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin Aşgabatda geçirilen forumyň dowamynda belledi. «Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde gümrük, weterinar we ösümlikleri geçirmegiň gözegçilik kadalaryny, işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek mümkinçiliklerine garamaga taýýar» – diýip, Mihail Mişustin belledi.

2. Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy. Dabaraly çärä Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow gatnaşdy. Şeýle hem dabara Türkmenistanyň il sylagly ýaşululary, musulman döwletleriniň Aşgabatdaky ilçileri, şeýle hem Milli Geňeşiň agzalary gatnaşdylar.

3. Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlary Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda 150 milliard rubllyk ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekdiler.

4. Aşgabatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Resminama MDU-nyň rektory Wiktor Sadowniçiý we TDU-nyň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa gol çekdiler.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan «Galkynyş» gaz känine bardy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy Batyr Amanow degişli çyzgylary görkezip, alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary we täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi.

6. Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi soňky ýylda ýurtda 42 müňden gowrak adamyň sürüjilik okuwlaryny geçendigini habar berdi. Okuwlara gatnaşyjylarynyň arasynda iň meşhur we talap edilýän sürüjilik derejesi «BC» derejesi hasaplanýar, ýylyň dowamynda 17 müň 897 adam degişli şahadatnamany aldy. Alnan resminamalaryň sany boýunça ikinji orunda «B» derejeli sürüjilik şahadatnamasy durýar – ony ýylyň dowamynda Türkmenistanyň 4005 ýaşaýjysy öwrendi. Şeýle hem sürüjileri «С», «D» we «E» derejeleri boýunça gaýtadan taýýarlamak işleri geçirildi.

7. Hytaý 6-njy fewraldan başlap, guramaçylykly toparlar üçin 20 ýurda syýahatçylyk gezelençlerini gaýtadan dikeldýär. «2023-nji ýylyň 6-njy fewralyndan başlap, ýurt boýunça syýahatçylyk agentlikleri we onlaýn kompaniýalar synag esasda daşary ýurtlara toparlaýyn gezelençleri guramagy we Hytaýyň raýatlary üçin degişli ýurtlara «awiapetek + myhmanhana» hyzmatyny gaýtadan dikeldýärler» – diýlip, ministrligiň habarynda bellenilýär.

8. Özbegistanyň Respublikan Perinatal merkeziniň ýanyndaky Neonatal hirurgiýa okuw-bejeriş merkeziniň lukmanlary siam ekizlerini aýyrmak boýunça üstünlikli operasiýa geçirdiler. Näsaglar – gyrgyzystanly ekiz gyzjagazlar Fatima we Zuhra. Operasiýa tejribeli hirurglar – Lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak merkeziniň müdiri, professor Habibullo Akilow we DaşPMI-niň çaga hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri, professor Nasriddin Ergaşew tarapyndan geçirildi.

9. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda gyşky transfer möwsüminiň açylandygyny habar berdi. Toparlar 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli Naýbaşy liganyň we Türkmenistanyň ýaşlar çempionatynyň oýunlaryna gatnaşmak üçin düzümine futbolçylary goşup bilerler. Oýunçylary düzüme almak we düzümden çykarmak boýunça işler bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň