Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde Ahalyň Baş metjidiniň düýbi tutuldy

15:2920.01.2023
0
60465

Şu gün Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna din wekilleri, il sylagly ýaşulular, şeýle hem hormatly myhmanlar hökmünde ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem-de musulman döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müň adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde guruljak sadaka jaýy bolsa 1 müň 500 adama niýetlenendir.

Arkadag şäherinde bina ediljek baş metjidiň 4 sany minarasy bolar we olarda dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Üç gatdan ybarat bolan metjidiň binasy okuw medresesini, muzeýi, kitaphanany, namaz okamak üçin zallary, dolandyryş we hojalyk otaglaryny öz içine alar. Onuň çäginde awtoulag duralgasy, dürli maksatly beýleki tehniki desgalar hem gurlar.

Metjidiň düýbi tutulandan soňra, myhmanlar Ahal welaýatynyň Gökdepe metjidinde berlen toý sadakasyna gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň