Soňky habarlar

Arhiw

Gujaklaşmak stressi ýeňip geçýär, immuniteti ýokarlandyrýar we köşeşdirýär

09:5021.01.2023
0
39095
Gujaklaşmak stressi ýeňip geçýär, immuniteti ýokarlandyrýar we köşeşdirýär
Surat: 7dach.ru

Ýer ýüzünde eýýäm 30 ýyl bäri her ýylyň 21-nji ýanwary Halkara gujaklaşmak güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu günde umumy düşünje boýunça islendik adamy gujaklamak özboluşly baýramçylyk ruhy diýlip düşünilýär (dogry, eger olaryň özi hem muňa garşy bolmasa).

Gujaklamak psihologik taýdan, hatda beden saglygy üçinem örän peýdaly hasaplanýar — ýagny, adam gujaklaşan mahalynda gana mähir gormony hasaplanýan oksitosini goýberýär. Oksitosin, öz gezeginde, aladanyň gormony bolan kortizolyň bölünip çykmagyny basyp, gan basyşyny peseldýär. Mundan başga-da, gujaklamak bagtyň gormony bolan endorfiniň çykmagyna sebäp bolýar.

Surat:ru.wallpapers-fenix.eu

Ýygy-ýygydan gujaklanýan adamlaryň sowuklama we ýürek-damar kesellerinden ejir çekmek ähtimallygynyň pesdigi, olaryň has durnukly emosional ýagdaýynda bolýandygy ýüze çykarylan hakykatdyr. Yzygiderli gujaklaşmak ukynyň rahat bolmagyna täsir edýär, immuniteti ýokarlandyrýar we hatda birneme agyryny ýeňilleşdirmek häsiýetine hem eýedir.

Ene bilen çaganyň yzygiderli gujaklaşmagy örän möhümdir. Çagalygynda ejesinden mahrum galan we ene mährini duýman ulalan çagalaryň çuňňur mähir duýgusynyň pes ösýändigi, olaryň hossarlyk duýgusynda psihologik häsiýetli müşgillikleriň bolýandygy subut edilendir.

Psihologlar gujaklaşmak babatda ýetmezçilik çekýän adamlara uly ýumşak oýunjaklary ýa-da seýilgähdir howluda agaçlary gujaklamagy maslahat berýärler. Köpler gapdalynda ýumşajyk «aýyjygy» gujaklap ýatan mahallary tiz uklap bilýärler, tokaýlykdaky dub we sosna agaçlaryny gujaklamak bolsa nerwleri köşeşdirýär, sebäbi aslynda agajyň özi oňyn energiýanyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň