Şu ýyl dünýäde 200 million adam her gün 1,9 dollardan az hak gazanar, şunuň bilen baglylykda, olar iň zerur durmuş hajatlary üçin töläp bilerler. Bu barada Halkara Zähmet guramasynyň (HZG) baş direktory Žilber Hungbo Dawosda geçýän Bütindünýä ykdysady forumynda habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» saýty ýazýar.
«Biziň bahalarymyza görä, 2023-nji ýylda hepdede 40 sagat işleýän işgärleriň 214 million sanysy her gün 1,9 dollardan köp gazanyp bilmezler» diýip, Hungbo nygtady.
Ol şeýle-de üstümizdäki ýylda dünýäde işsizleriň sanynyň 3 million köpelip, 208 million adam ýetjekdigini belledi.
Öň HZG 2023-nji ýylda ählumumy ykdysady ösüşiň peselmegi netijesinde, adamlaryň köpüsiniň has az zähmet hakly hem-de sosial goragsyz işlerde zähmet çekmäge mejbur boljakdygyny habar beripdi.