Minnihanow Türkmenistana iş sapary bilen geldi

23:1918.01.2023
0
62295
Minnihanow Türkmenistana iş sapary bilen geldi
Surat: president.tatarstan.ru

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew we Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin garşy aldylar.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Minnihanow 19-njy ýanwarda Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus Işewürler forumynyň umumy mejlisine, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara merkezi bolan Arkadag şäherindäki Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşar.

Mundan başga-da, hormatly myhman iş saparynyň dowamynda Aşgabatdaky «KamAZ» hyzmat ediş merkezine baryp görer we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 19-njy ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada sapar bilen geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň