Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana sapar bilen geler

15:2916.01.2023
0
80599
Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana sapar bilen geler
Surat: duma.gov.ru

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada «Дагестанская правда» onlaýn neşiri habar berýär.

Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşar.

Bu forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Forumda geçiriljek duşuşyklar transport we logistika, senagat, bilim, sanly gün tertibi we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanar.

Çäräniň çäginde russiýaly öndürijileri üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Işewürlik forumynyň ilkinji gününde senagat B2B duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.

Mihail Mişustin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Karary bilen 2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri wezipesine bellendi. Şeýlelikde Mihail Mişustin Russiýanyň Premýer-ministri hökmünde ilkinji gezek Türkmenistana geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň