Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanly demirýolçular Türkmenistanda tejribelik geçýärler

11:3917.01.2023
0
38364

Owganystanyň Demir ýol müdirliginiň 14 hünärmenden ybarat topary tejribelik geçmek üçin Türkmenabat şäherine geldi. Bu barada «Turkmenistan.ru» internet neşirinde habar berilýär.

Tejribeligiň dowamynda türkmen hünärmenleri owganystanly kärdeşlerini demir ýol ulgamlaryny we transportyny dolandyrmak hem-de desgalar, işgärler, dürli tehniki amallar bilen bagly birnäçe iş ýagdaýlary bilen tanyşdyrarlar.

Ýeri gelende bellesek, owganystanly demirýolçularyň Türkmenistandaky tejribeligi üç aýlap dowam edip, ol Owganystanyň demir ýol ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şeýle-de ýurduň sebit we halkara ulag geçelgelerine işjeň goşulmagyny üpjün etmek boýunça taraplaryň arasynda gazanylan degişli ylalaşyk esasynda guralýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň