Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýar

20:3109.01.2023
0
19524

Türkmen parlamentiniň wekilleri Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň 13-nji umumy mejlisine gatnaşýar. Bu barada «Mehr News» habarlar agentligi habar berýär.

Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň 13-nji umumy mejlisi 7 — 11-nji ýanwary aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherindäki «Titanic Mardan Palace» myhmanhanasynda geçirilýär. Onuň işine türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Türkiýe, Eýran, Azerbaýjan, Saud Arabystany we Ýemen ýaly döwletlerden hem parlamentiň agzalary gatnaşýarlar.

Ýeri gelende bellesek, Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasy 2006-njy ýylda esaslandyrylyp, ol gatnaşyjy döwletleriň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda tejribe we pikir alyşmalar üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda onuň 42 sany doly hukukly we 16 sany synçy agzasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň