Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadalyşygyň oýunlarynyň sport maksatnamasy tassyklanyldy

14:2707.01.2023
0
34334

Şu ýylyň 4 ― 14-nji awgusty aralygynda türkmenistanly türgenleriň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan Arkalaşygyň II oýunlaryna gatnaşmagyna garaşylýar. Ýakynda bu Oýunlaryň Guramaçylyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň sport maksatnamasy tassyklanyldy.

Belarus Respublikasynyň 11 şäherinde (Minsk, Borisow, Brest, Witebsk, Gomel, Grodno, Žlobin, Mogilýow, Molodeçno, Orşa we Soligorsk) geçiriljek Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşi girizildi.

Oňa 3 müňe ýakyn türgeniň, köp sanly tälimçileriň, eminleriň, sport lukmanlarynyň, žurnalistleriň we beýleki degişli adamlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Arkalaşygyň II oýunlaryna Azerbaýjandan, Ermenistandan, Moldowadan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan sport wekiliýetleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça mongoliýaly, hytaýly, kubaly, eýranly, omanly, saud arabystanly türgenleri görüp bileris. Türkmen türgenleri bu Oýunlara taryhynda ilkinji gezek gatnaşar.

Arkalaşygyň I oýunlary oýunlary 2021-nji ýylyň 4 ― 11-nji sentýabr günleri aralygynda geçirilipdi. Onda 9 döwletden 1000-den gowrak türgen sportuň 16 görnüşi boýunça güýç synanyşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň