Turkmenportal logo
06.01.23
3201032010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda türkmen, Türkmenistanda hytaý medeniýet merkezi dörediler
Hytaýda türkmen, Türkmenistanda hytaý medeniýet merkezi dörediler

Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda iki ýurduň Baştutanlarynyň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda bellenilýär.


«Taraplar medeniýet, bilim, ylmy-tehniki we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hytaýda türkmen medeniýet merkezini we Türkmenistanda hytaý medeniýet merkezini döretmek boýunça işleri çaltlandyrmak, «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek, şeýle hem 2023-nji we 2024-nji ýyllarda medeniýetiň çatryk ýyllaryny geçirmek islegini tassyklaýarlar. Hytaý tarapy çäreleri guramakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny goldaýar. Taraplar Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň welaýatlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi höweslendirýärler» diýlip, Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.