Aşgabatl mekdep okuwçylary halkara bilim bäsleşiginde altyn medallaryň 12-sine mynasyp boldular

13:2502.01.2023
0
49188

Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internatynyň okuwçylary Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde iňlis dili boýunça geçirilen halkara onlaýn-olimpiadasynda altyn medallaryň 12-sini gazandylar.

Ashgabat.in internet neşiriniň habar berşi ýaly, altyn medallary aşakda ady agzalýan okuwçylar gazandylar:

  • 11-nji synpyň okuwçylary: Ogulgerek Agamyradowa, Abraý Orazberdiýew, Näzik Allagulyýewa, Jahan Ýaýlymowa, Serdar Maşaripow;
  • 10-njy synpyň okuwçylary: Jennet Abdyllaýewa, Aly Didarow, Täzegül Kakalyýewa, Resul Dowwaýew, Abdyrahym Akynyýazow, Döwran Annamämmedow we Serdar Bäşimow.

Mekdebiň okuwçylary toparlaýyn hasapda hem birinji we orna we altyn medala mynasyp boldular.

Olary halkara bilim bäsleşigine mekdebiň mugallymy Şemşat Musaýewa taýýarlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň