Turkmenportal logo
29.12.22
4253742537
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze ýyl baýramynda degişli gulluklaryň nobatçylygy berk ýola goýlar
Täze ýyl baýramynda degişli gulluklaryň nobatçylygy berk ýola goýlar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri-de çagyryldy.


Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramak bilen bagly meselelere mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.


Döwlet Baştutany Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde tutuş ýurt boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramagy tabşyrdy.


Nygtalyşy ýaly, baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçylyk bellenilmelidir.


Şeýle-de jemagat hojalygy, elektrik energiýasy we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň takyk we bökdençsiz işlemegini guramagyň zerurdygy nygtaldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurt boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.


Mejlisde baýramçylyk günlerinde raýatlaryň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede bellär ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda hem degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berildi.