Soňky habarlar

Arhiw

Dmitriý Şlapaçenko: «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda gatnaşyk strategik hyzmatdaşlyga öwrüldi»

16:5227.12.2022
0
29441

Türkmenistan BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklarynda hem-de dünýä ykdysadyýetinde köptaraplylygy pugtalandyrmakda özüniň tekliplerini öňe sürýär. Trend, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň sözlerini şeýle ýetirýär:

«Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda gatnaşyk soňky ýyllarda strategik hyzmatdaşlyga öwrüldi. Türkmenistan onuň çäginde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek babatda önjeýli goşant goşýar».

Onuň sözlerine görä, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda özüniň kesgitlän ugurlaryny beýan edýär, halkara gatnaşyklarynda hem-de dünýä ykdysadyýetinde köptaraplylygy pugtalandyrmakda tekliplerini öňe sürýär.

Dmitriý Şlapaçenko: « Türkmenistan ýurduň çäginde 1993-nji ýylda bäri hereket edýän BMG-niň agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtda ilkinjiler bolup ÝUNISEF, ÝUNFPA, BSSG özüniň wekilhanalaryny açdylar. Bü gün BMG-niň 19 sany agentligi ýurtda hereket edýän BMG-niň düzümi bolup, BMG we Türkmenistanyň Hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmekde iş alyp barýarlar».

Hemişelik utgaşdyryjysy belleýşi ýaly, Çarçuwaly maksatnama üç strategiki ugur boýunça amala aşyrylýar. Olar: adamlaryň gyzyklanmalaryna hem-de kanun rüstemligine gönükdirilen dolandyryş; köptaraplaýyn, ekologik hem-de durnukly ykdysady ösüş; köptaraplaýyn we elýeter saglygy goraýyş, ylym-bilim hem-de durmuşy gorag.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň