Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýadan Aşgabada gaýdyp geldi

07:1527.12.2022
0
19438

Türkmenleriň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna bir günlük saparyny tamamlandan soň Aşgabat şäherine gaýdyp geldi.

Iş sapary wagtynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň Täze ýyldan öňki resmi däl ýygnagyna gatnaşdy.

Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen sammitiň dowamynda GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň jemini jemlediler, amaly hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary we birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 2022-nji ýylda geçirilen ikinji resmi däl sammiti boldy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşan birinji duşuşygy 7-nji oktýabrda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 70 ýaşynyň bellenilýän günlerinde Sankt-Peterburg şäherinde geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine geleninden soň halkara howa menziliniň işgärleri bilen duşuşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň