Soňky habarlar

Arhiw

«Forbes» ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny yglan etdi

17:4125.12.2022
0
22786
«Forbes» ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny yglan etdi
Surat: Alex Pantling/Getty Images Europe/Getty Images

«Forbes» žurnaly 2022-nji ýylda iň köp pul gazanan türgenleriň sanawyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, Argentinanyň milli ýygyndysynyň we «PSŽ» klubynyň hüjümçisi Lionell Messi bassyr ikinji ýyl birinji orna ýerleşdi. Neşiriň habar bermegine görä, argentinaly superýyldyzyň 2022-nji ýylda gazanan pulunyň möçberi 130 million ýewro barabardyr.

«Forbes» tarapyndan yglan edilen ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynyň ilkinji onlugy aşakdaky görnüşe eýe:

1. Lionell Messi (futbol) — 130 million ýewro;

2. Lebron Jeýms (basketbol) — 121,2 million ýewro;

3. Kriştianu Ronaldu (futbol) — 115 million ýewro;

4. Neýmar (futbol) — 95 million ýewro;

5. Stefen Karri (basketbol) — 92,8 million ýewro;

6. Kewin Dýurant (basketbol) — 92,1 million ýewro;

7. Rojer Federer (tennis) — 90,7 million ýewro;

8. Saul Alwarez (boks) — 90 million ýewro;

9. Tom Breýdi (amerika futboly) — 83,9 million ýewro;

10. Ýannis Adetokunbo (basketbol) — 80,9 million ýewro.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň