Soňky habarlar

Arhiw

Russiýaly aýdymçylar Dima Bilan we Nýuşa döredijilik sapary bilen Aşgabat şäherine uçdular

22:2624.12.2022
0
61660

Meşhur russiýaly aýdymçylar Dima Bilan we Nýuşa Şuroçkina Aşgabatdaky konserte gatnaşmak üçin şu gün Türkmenistana uçdular.

Şu gün Dima Bilan doglan gününi belleýär. Russiýanyň meşhur aýdymçysy 41 ýaşady.

Dima Bilan: «Aşgabat şäherine uçýaryn, ertir şol ýerde bolaryn. Men we Nýuşa. Şu gün meniň doglan günüm. Sag boluň!» diýip, sosial ulgamlarda habar paýlaşdy.

Täze ýylyň öňýanynda Dima Bilan, Nýuşa, JONY (Russiýa), Irem Deriji we Mustafa Sandal (Türkiýe) ýaly aýdymçylaryň Aşgabatda çykyş etjekdigini ýatladýarys.

Daşary ýurt pop ýyldyzlarynyň çykyşlary Nýuşanyň konserti bilen açylar. Meşhur aýdymçynyň ýekelikdäki konserti 25-nji dekabrda sagat 15:00-da başlar. Nýuşa ady bilen tanalýan pop aýdymçysy Anna Şuroçkina ozalam Aşgabatda birnäçe gezek çykyş etdi. Ol ilkinji gezek 2011-nji ýylda konsert berdi. Şeýle hem Nýuşa 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda boldy. Soňra aýdymçy 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda «Aziýada 2017»-niň ýapylyş dabarasynda çykyş etdi.

Nýuşadan soň 19:00-da Russiýa Federasiýasynyň abraýly aýdymçysy Dima Bilanyň çykyşlary başlar. Bilan ozal 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen bagly geçirilen konserte gatnaşdy.

Bilanyň aýdymlaryny ähli ýaşdaky diňleýjiler hem gowy görýärler. Meşhur rus aýdymçysy 2008-nji ýyldaky halkara Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigiň ýeňijisidir. Bilan MTV, Muz-TV, Ru-TV baýraklaryny birnäçe gezek aldy we birnäçe gezek «Altyn Gramofon» baýragyna mynasyp boldy. Onuň aýdymlarynyň onlarçasyny diňleýjiler ýatdan bilýärler.

Konsertler Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň sahnasynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň