Turkmenportal logo
24.12.22
5431454314
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň mejlisine gatnaşdy Surat: ria.ru

Russiýa Federasiýasynyň Transport ministrligi Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň adatdan daşary iş mejlisini geçirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.


Geňeşiň mejlisi raýat awiasiýasy we howa giňişligini ulanmak baradaky şertnama gatnaşyjy döwletleriň (Türkmenistan, Ermenistan, Belarusiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan) wekilleriniň gatnaşmagynda gibrid görnüşde geçirildi.



Geňeşiň başlygy wezipesine Russiýa Federasiýasynyň ygtyýarly wekili Igor Çalik bellendi. Sessiýa gatnaşyjylar Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň we döwletara awiasiýa komitetiniň işini gowulandyrmak, şeýle hem raýat awiasiýasy şertnamasy we howa giňişligini ulanmak baradaky kadalaşdyryjy hukuk binýadyny täzelemegiň üstünde işlemegi meýilleşdirdiler.


Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeş indiki sessiýany 2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Moskwada Russiýa Federasiýasynyň Transport ministrliginde geçirmek kararyna geldi.