Soňky habarlar

Arhiw

FIFA-nyň Katar ― 2022-ä gatnaşan ýygyndylara näçe töläni belli boldy

14:0223.12.2022
0
25951

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Dünýä çempionaty ― 2022-ä gatnaşan milli ýygyndylara jemi 440 million dollar möçberinde pul bölüp berdi.

NBC Sports neşiriniň ýazmagyna görä, dünýäniň täze çempiony ― Argentinanyň ýygyndysy guramaçydan 42 million dollar möçberinde pul gazandy. Ýaryşyň finalçysyna ― Fransiýanyň ýygyndysyna 30 million, Horwatiýa 27 million, Marokka bolsa 25 million dollar pul berildi.

Ýaryşy çärýek finalda terk etmeli bolan dört ýygyndynyň ― Angliýanyň, Braziliýanyň, Portugaliýanyň we Niderlandlaryň her haýsysy FIFA-dan 17 million dollardan gazandylar.

Ýaryşyň 1/8 finalyna çenli baryp ýeten Senegala, ABŞ-a, Polşa, Awstraliýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa we Koreýa Respublikasyna 13 million dollardan paýlanyp berildi.

Toparçadan çykyp bilmedik ýygyndylar bolsa 9 million dollardan aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň