Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2022-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 135-nji ornunda tamamlady

16:3022.12.2022
0
52616

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginde 135-nji orunda tamamlady. Ýylyň jemleýji reýting-sanawy şu gün ― 22.12.2022 senesinde paýlaşyldy.

Dünýäniň häzirki çempiony Argentina sanawyň ikinji, finalçy Fransiýa bolsa üçünji basgançagynda ýerleşdi. Ýaryşdan olardan öň çykan Braziliýa bolsa sanawyň başyny çekýär.

Şeýle hem ilkinji bäşlikde Belgiýa bilen Angliýa bar.

Sanawyň ilkinji onlugyny Niderlandlaryň, Horwatiýanyň, Italiýanyň, Portugaliýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary jemleýär. Ýaryşda ýarym finala çenli baryp bilen Marokko 11-nji orna göterildi.

135-nji orundaky türkmen ýygyndysynda 1100,47 utuk bar. Ýygyndy reýting-sanawynda Filippinler bilen Solomon adalarynyň arasynda ýerleşýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletlerinden Özbegistan 77-nji, Gyrgyzystan 94-nji, Täjigistan 108-nji, Gazagystan bolsa 115-nji orunda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň