Soňky habarlar

Arhiw

«FLO» dükanynda ähli aýakgaplaryň bahasy 50%-den gowrak arzanladyldy

15:1421.12.2022
0
21743

«FLO» aýakgap dükany Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna baýramçylyk mynasybetli arzanladyşyň yglan edilendigini ýatladýar. 5-nji ýanwara çenli dükanyň erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen aýakgaplarynyň ähli görnüşleri 53% arzan bahalardan hödürlener.

«FLO» dükany — islendik ýagdaýlarda geýmek üçin niýetlenen, sport ýa-da nusgawy stildäki aýakgap haryt nyşanlaryny özünde jemleýän dükandyr. Bu ýerde tebigy we emeli derilerden ýasalan ýyly gurluşly ädikler, nusgawy aýakgaplar, ýarym görnüşli ädikler, oňaýly aýakgaplar, nusgawy ýa-da ýyly sport aýakgaplary alyjylaryň dykgatyna ýetirilýär.

Şunuň bilen birlikde, dükandan öňünden tölegini geçirmezden ýarym ýyllyk garaşaryna hem islendik görnüşli aýakgaby satyn alyp bolýandygyny bellemek gerek.

Dükan «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 0-njy gatynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 64) 76 89 08.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň