Täze ýyl mynasybetli bezeg işleriniň netijesinde türkmen paýtagtynda 500-den gowrak arça peýda boldy. Baýramçylyk mynasybetli binalaryň iň gowy bezegi ugrundaky bäsleşige ýigrimi töweregi köpçülikleýin dynç alyş ýeri we seýilgäh gatnaşdy diýip, «MIR24» teleýaýlymy habar berýär.
Meýdançalarda, esasan hem paýtagtyň merkezinde — çagalar üçin oýun meýdançalary guraldy. Her Täze ýyl arçasynyň we reňkli çyralaryň aşagynda Aýaz babanyň we geljek ýylyň nyşany bolan towşanyň şekili ýerleşdirildi. Köçelerde 500-den gowrak yşyklandyryş enjamy gurnaldy diýlip, habarda aýdylýar.
Seýilgählerde, baglarda we meýdançalarda şäheriň binalarynyň iň gowy bezegi ugrundaky bäsleşige gatnaşýan edaralaryň özboluşly bezegleri bäsleşýär. Olaryň köpüsi elde bezelendigi bilen tapawutlanýar.
Şeýle-de fotoreportažy gorüp bilersiňiz: