Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» dükany Täze ýyl mynasybetli alyjylara sowgatlary paýlaýar

10:2720.12.2022
0
26874

«Aýbölek» mebel kärhanasynyň dükany ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk aksiýasyny geçirýär: bahasy 10 müň manatdan ýokary bolan mebeller satyn alnanda, alyja kärhanadan ýörite sowgat garaşýar (ýassyk, kitap tekjesi, oturgyç we ş.m.).

«Aýbölek» 2010-njy ýyldan bäri ýumşak we korpusly mebelleriň ähli görnüşlerini öndürýär. Kärhananyň önümleriniň hatarynda çagalar we mekdepler üçin niýetlenen mebeller, taýyn ýa-da sargyt boýunça taýýarlanylýan ýatylýan otag we aşhana mebelleri, myhman we iş otaglary üçin mebeller, ýygnalýan toplumlar, şekilini üýtgedýän mebeller we ş.m. köp sanly görnüşler bar. Önümçilikde Ýewropanyň we Türkiýäniň döwrebap enjamlary, ýokary hilli materiallar, goşmaça esbaplar we bezegler peýdalanylýar.

«Aýbölek» mebel dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Andalyp köç., 80-nji jaý.

Telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň